İşçi
Eserleri
İman
Söygi bilen dolsa yürek
Hormat bilen dolsa göwin
Her adama söygi gerek
Ey Allajan ayyrmawer
Adamlardan mähir suwun
Ey Allajan ayyrmaber
Möminleriñ imanyny
Ony imandan ayyrman
Has gowysy al janyny
Alma onuñ imanyny
Iman-iñ uly baylykdyr
Ol baylygy saklajak bol
Hakyñ buyran buyruklaryn
Höwes bilen haklajak bol
Imanyñy saklajak bol
Iman-bu Alla ynanyp
Onuñ emrine uymakdyr
Yürwk bilen Alla uyup
Dil bilen $eyle diymekdir
"LÄ ILÄHE ILLALLAH
MUHAMMEDERRESULALLAH"
Gerceknazar Amannazarow İşlän yadaman
Işlemedik-dişlemez diyen nakylmaz bardyr
Işlän-işlän adamlar ,işlän mydam yadaman
Haywanlatdan tapawutly üşük akylmyz bardyr
Öz aklyna eyerip işlän her gün yadaman
Halal iyin iydirin haram maly iymän siz
Halal geyin geydirin haram geyim geymän siz
Der döküp zähmet çekip gelin üyşüp hemmämiz
Bir watana gullyk edip işlälin biz yadaman
Halal işde bereket bar,rysgal-döwlet sogap bar
Haram işde peläket bar ,dowzah günä azap bar
Bu dünyäde halal yaşan o dünyäde azat bor
Iki dünyämiz üçinem işlälin biz yadaman
Zähmet çekip der döküp maşgalany eklälin
Ekin ekip,mal bakyp çörek hakyn haklalyn
Mydam zähmetkwşlerin sarpasyny saklalyn
Üyşüp agzybir bolup işlälin biz yadaman
Gerçeknazar Amannazarow İçimizdâki jyn
Diñle her adamyñ bardyr bir jyny
Go$gylar yazdyrar içimizdäki jyn
Mydam dogry yola yollar ol kimi
Kimleri azdyrar içimizdäki jyn
Diyme" Bu zatlara nädip ynynyañ?"
Hudaya ynanman kime ynanyañ
Dogry yola gelip bolar musulman
$eytanam bolyandyr içimizdäki jyn
Gorkuzar,ürkizer, akyl biyr kime
Barlygny duyarsyñ oylansañ siñe
Agladar güldirer goymaz erkiñe
Mydam yanyñdadyr içimizdäki jyn
Gerçek bildiginden yazdy bä$ kelam
Uzakdan gözleme yanyñda belañ
Ynanyan ygtyyar bermese Allam
Gymyldabam bilmez içimizdäki jyn
Gerçeknazar Amannazarow Isbirden obam
Beyik Allan nazar salan topragy
Kalbymyn buysanjy Isbirden obam
Gözel görkin hayran edyär köpleri
Gözlermin guwanjy Isbirden obam
Şehitlerin gany sinen yaylana
Janym ruhum aylanyp yör gaybana
Yaş yüregim gelyär bu gün heyjana
Könlimin buysanjy Isbirden obam
Ömümin örki sen ,dünyämin görki
Jan,jiger ,baylygym ,bar zadym senki
Gözlermin garasy ,yüregmin erki
Erkana topragym Isbirden obam
Gayrasyna kanal suwy çekilen
Ilersine bag-bakjalar ekilen
Adyn öwilyänin ady dakylan
Gudrat,keramat sen Isbirden obam
Wasbyny sözlesem ajap hen bilen
Gür baglygyn gülzarlyga den gelen
Gaygysyz günlerim geçdi sen bilen
Mähriban topragym Isbirden obam
Toy güninde gaygy-gussa yat bolar
Şatlyk-şowhun bütin oba yan salar
Yas güninde öten -geçen yatlanar
Hayyr sahawatly Isbirden obam
Atalarmyz bardyr pähimli pentli
Enelermiz bardyr arassa kalply
Yigitleri merdem ,gyzlary görkli
Yaşar sen goynun Isbirden obam
Gerçeknazar sözlesen sen tarypyn
Goşga sygmaz ölmez yitmez taryhyn
Gunça güller bark urup dur bar ysyn
Tükenmez tarypyn Isbirden obam
Bu şaire henüz hiç kimse yorum yapmadı. İlk yorum yapan sen ol!